Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň Metbugat azatlygy wekili türkmen žurnalistiniň ölümine gynanç bildirdi


Amanmyrat Bugaýew
Amanmyrat Bugaýew

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Harlem Desir “Azatlyk” radiosynyň Türkmenistandaky žurnalisti Amanmyrat Bugaýewiň pajygaly ölümine gynanç bildirdi.

“Men Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň, “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Amanmyrat Bugaýewiň iş üstünde mahaly pajygaly ýagdaýda aradan çykandygy zerarly onuň maşgalasyna we kärdeşlerine gynanjymy bildirýärin” diýip, ol 3-nji aprelde öz twitter sahypasynda ýazdy.

Görnükli türkmen şahyry we ýazyjysy, halypa žurnalist Amanmyrat Buýagew 3-nji aprel güni irden, Balkan welaýatyndan Aşgabada taksili gelýärkä bolan ýol hadysasynda wepat boldy. Baýry žurnalist ýurduň günbatar sebitine gelen siliň ýetiren zyýany hakynda maglumat taplamak üçin Balkan welaýatyna iş saparyna gidipdi.

A.Bugaýew “Azatlyk” radiosy bilen 2005-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýärdi we kärdeşleriniň iň tejribeli we uly ýardamçylarynyň biri hasaplanýardy.

Amanmyrat Bugaýew şu gün, 4-nji aprelde öz dogduk mekany Bereketde, ozalky Gazanjykda topraga tabşyryldy.


XS
SM
MD
LG