Owgan resmileri ýurduň gündogarynda bolan goşa partlamanyň azyndan üç adamy öldürip, ýene 10 adamy ýaralandygyny aýdýarlar.
Nangarhar welaýatynyň gubernatory Attaullah Khogyani 6-njy aprelde welaýat paýtagty Jelalabatda öldürilen adamlaryň asuda ilatdan bolandygyny aýtdy.
Partlamalara janyndan geçen bombaçylaryň sebäp bolandygy aýdyň däl. Hiç bir topar hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne almady, ýogsa bu welaýatda hem “Talyban”, hem YD söweşijileri işjeň bolmagynda galýar.
Nangarhar Owganystanyň Pakistan bilen ýarym açyk gündogar serhedinde YD güýçleriniň mesgeni bolup durýar.
ABŞ harbylary Owganystandaky YD jeňçileriniň 2 müň çemesiniň şol ýerde ýerleşýändigini aýdýarlar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!