Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Peterburgda Putiniň ýalan mazar daşyny dikendigi çaklanylýan iki aktiwist tussag edildi 


Putiniň ýalandan dikilen mazar daşy

Orsýetiň ikinji uly şäheri bolan Sankt Peterburgda “Agit Orsýet” toparynyň iki aktiwisti tussag edildi, olar ýüzünde Putin W.W. 1952-2019 Orsýetiň halkyny satdy" diýlip ýazylan ýalan mazar daşyny oturtmakda güman edilýär.

Bu topar 5-nji aprelde özüniň Telegram sosial ulgamy sahypasynda Andreý Žeksimbaýew bilen Grigoriý Kudrýawtsewiň merhemetli Isak ybadathanasynyň golaýynda mazar daşyny oturtmak bilen, jemgyýetçilik çäreleri baradaky kanuny bozmakda aýyplanandygyny habar berdi.

Eger olar günäli tapylsa, 10 güne çenli tussaglyk bilen ýüzbe-ýüz bolar. Topar bu tutulan adamlaryň gürrüňi edilýän mazar daşyna dahylsyzdygyny, hakykatda Putiniň ýalan mazar daşyny başga aktiwistleriň oturdandygyny aýdýar.

“Tussaglara kömek et” atly başga bir topar bu iki adamyň 3-nji aprel güni giçlik, Putiniň dogduk şäherinde ýalan mazar daşynyň peýda bolan gününde tussag edilendigini habar berdi.

“Agit Orsýet” mazar daşynyň goýlan ýeriniň suratyny internetde çap etdi we twitterde özüniň ýalan mazar daşynyň dikilmeginiň arkasynda bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG