Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowiçokdan aman galan adam rus iliçisi bilen duşuşyp, hakykata derek 'propaganda aldy'


Geçen ýyl Angliýada nowiçok zäherlenesinden aman galan Çarli Rowli
Geçen ýyl Angliýada nowiçok zäherlenesinden aman galan Çarli Rowli

Geçen ýyl Angliýada nowiçok zäherlenesinden aman galan adam, Orsýetiň bir adamy öldüren, dört adamy agyr hassa eden zäherlemeler tapgyryndaky roly hakynda sorag bermek üçin, Orsýetiň Angliýadaky ilçisi bilen duşuşdy.

Halaşýan gyzy Dawn Sturgess nerw agentinden zäherlenip ölen Çarli Rowli (Charlies Rowley) 6-njy aprelde Londonda rus ilçisi Aleksandr Ýakowlenko bilen duşuşdy.

Rowli bu duşuşygy gurnan “Sunday Mirror” gazetine rus ilçihanasyna “Näme üçin siziň ýurduňyz meniň halaşýan gyzymy öldürdi?” diýip soramaga barandygyny, emma kykykatda bu soraga hiç bir jogap alyp bilmändigini aýtdy.

"Men diňe rus propagandasyny aldym” diýip, ol aýtdy.

Ozalky rus içalysy Sergei Skripal we onuň gyzy Ýulia 2018-nji ýylyň 4-nji martynda Salisburi şäherindäki parkyň oturgyjynda huşsuz halda tapyldy. Soň olaryň nowiçok bilen zäherlenendigi anyklandy. Ataly-gyz aman galdy.

Üç aý soň Rowli Amesbury şäherindäki parkda daşy dolanan duhi tapdy we ony Sturgese berdi. Ol bu duhini ýüzüne sependen soň agyr hassalady. Duhiniň çüýşesi nowiçok bilen doldurylan eken.

Britan häkimiýetleri sentýabrda iki orsýetlä - Aleksandr Petrow we Ruslan Boşirow lakamlary bilen tanalýan adamlara dürli jenaýatlarda, şol sanda adam öldürmek dildüwşiginde günä bildirmek üçin ýeterlik subutnamalarynyň bardygyny aýtdylar.

Scotland Yard olary Britaniýa Sergeý Skripalyň janynan kast etmek üçin iberilen rus harby aňtaw ofiserleri hökmünde günäledi.

Orsýet bu hadysa islendik görnüşdäki baglanyşygyny gaýta-gaýta ret etdi.

XS
SM
MD
LG