Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Poroşenko bäsdeşi Zelenskiý bilen geçirjek debatyny 14-nji aprele süýşürmäge çagyrýar


Petro Poroşenko we Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 21-nji aprelde geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňýanynda, bäsdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen köpçüligiň öňünde geçirjek debatynyň gününi öňe süýşürmäge çagyrdy.

7-nji aprelde telewideniýede görkezilen interwýusynda Poroşenko bu debaty 14-nji aprelde Kiýewiň Olimpiýa stadionynda geçirmegi teklip etdi.

Ilkibada bu debaty ses berişlikden öň “ümsümlik gününiň” öňýanynda, 19-njy aprelde geçirmek planlaşdyrylypdy.

31-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda täze syýasatçy Zelenskiý sesleriň 30,24 prosentini alyp, birinji bolupdy. Poroşenko sesleriň 15,95 prosentini alyp, ikinji bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG