Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan ‘Talyban’ bilen geçiriljek gepleşiklere özüniň hökümet delegasiýasyny iberer


Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň parahatçylyk boýunça wekili Omar Daudzaý
Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň parahatçylyk boýunça wekili Omar Daudzaý

Owganystan Katardaky “Talyban” bilen geçiriljek gepleşiklere özüniň hökümet delegasiýasyny iberer. Bu 18 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek tagallalarynda potensial üstünlikdir.

Birleşen Ştatlaryň we “Talybanyň” araçylary Kataryň paýtagty Dohada gepleşikleriň birnäçe tapgyryny geçiripdiler. Ýöne söweşiji topar Kabulyň hökümetini Birleşen Ştatlaryň “gurjagy” diýip atlandyryp, owgan hökümetiniň delegasiýasy bilen gös-göni gepleşikleri geçirmegi ret edipdi.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň parahatçylyk boýunça wekili Omar Daudzaýyň 7-nji aprelde beren maglumatyna görä, hökümet delegasiýasy “Talyban bilen pikir alyşmak üçin” Doha şäherine sapar eder.

Daudzaý hökümetiň delegasiýanyň düzümini 10-njy aprelde tamamlajakdygyny hem belledi.

Gepleşikleriň 14-15-nji aprelde geçirilmegine garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň “Talyban” güýçleri bilen parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagalla edýän ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň 7-nji aprelde ýaýradan beýanatyna görä, öňümizdäki hepde Dohada geçiriljek owganara dialoga “owgan hökümetiniň we jemgyýetiň giň gatlagynyň wekilleriniň gatnaşjakdygy” aýdyldy.

XS
SM
MD
LG