Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan möhletinden öň prezident saýlawlarynyň 9-njy iýunda geçiriljekdigini yglan etdi


Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew möhletinden öň prezident saýlawlarynyň 9-njy iýunda geçiriljekdigini yglan etdi.

9-njy aprelde telewideniýede eden çykyşynda Tokaýew “erkin we adalatly saýlawlaryň geçiriljekdigine kepil geçýändigini” aýtdy, şol bir wagtda-da, ol özüniň ses berişliklere gatnaşjakdygyny ýa-da gatnaşmajakdygyny mälim etmedi.

Tokaýew, 30 ýyla golaý wagt ýurdy dolandyran prezident Nursultan Nazarbaýew wezipeden çekilýändigini yglan edenden bir gün soň, ýagny 20-nji martda wagtlaýyn prezident wezipesine geçdi.

Muňa garamazdan, 78 ýaşyndaky Nazarbaýew gazak Howpsuzlyk Geňeşiniň ömürlik başlygy we “Nur-Otan” partiýasynyň başlygy wezipesinden saklanyp galýar.

9-njy aprelde Tokaýew ýurduň parlamentinde wekilçilik edýän syýasy partiýalaryň liderleri bilen duşuşdy.

Gazak prezidentiniň websaýtynda aýdylmagyna görä, 8-nji aprelde Tokaýew kabinet ministrleri we Nazarbaýewiň gyzy, Senatyň başlygy Dariga Nazarbaýewa bilen duşuşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG