Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Birleşen Ştatlaryň Gizlin gullugynyň direktoryny wezipeden boşatdy


Randolph Alles

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüni we ABŞ-nyň ýokary derejeli beýleki resmilerini goranyş bilen üpjün edýän Birleşen Ştatlaryň Gizlin gullugynyň direktoryny wezipesinden boşatdy.

8-nji aprelde Ak tam Gizlin gullugyň direktory Randolph Allesiň wezipeden çetleşdirilendigini tassyklady. Mundan bir gün öň, Tramp Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk sekretary Kirstjen Nielseniň wezipeden çekilendigini yglan edipdi.

Allesiň wezipeden çetleşdirilmegi Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk departamentinde möhüm ýolbaşçy çalşygynyň fonunda amala aşyryldy.Birleşen Ştatlarda Gizlin gullugyň direktory milli howpsuzlyk sekretaryna hasabat berýär.

Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sandersiň sözlerine görä, Gizlin gullugyň professional agenti James Murray maý aýynda Gizlin gullugyň ýolbaşçysy wezipesine başlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG