Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň prezidenti nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy aprelde bäş welaýatyň we paýtagtyň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, etrap häkimleriniň birini, orunbasarlarynyň bäşisini işden boşatdy.

Resmi metbugatyň maglumatyna görä, iş maslahaty gowaça ekişiniň barşyna, täze desgalaryň gurluşygyna we baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyga bagyşlandy.

Döwlet baştutany Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi Şöhrat Hudaýgulyýewi (başga işe geçmegi sebäpli), Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary Durdyguly Setdarowy, Ahal welaýatynyň Serahs etrabynyň häkiminiň orunbasary Baýmyrat Gurbandurdyýewi, Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary Şyhdurdy Jumaýewi, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary Guwanç Berdiýewi, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary Jepbar Baýramowy wezipelerinden boşatdy diýip, TDH ýazýar.

Wezipesinden boşadylanlaryň aglabasy “işde kemçilik goýbermekde” aýyplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG