Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: 2018-nji ýylda jezalandyrylyp öldürilenleriň sany üçden bir kemeldi


Maşatda adam asmak üçin taýýaralanan syrtmaklar. 2017 ý.
Maşatda adam asmak üçin taýýaralanan syrtmaklar. 2017 ý.

Dünýä ýüzünde bilinýän ölüm jezalary 2018-nji ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende üçden bir azalyp, soňky onýyllykda iň pes derejä düşdi diýip, “Amnesty International” guramasy ölüm jezalarynyň berilmegi we jezalandyryp öldürmeler baradaky ýyllyk hasabatynda habar berýär.

Belarus bu tendensiýa garşy gelýän az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar diýip, gurmanyň 10-njy aprelde çap edilen hasabatynda aýdylýar. Ölüm jezasyny berýän ýeke-täk ýewropa ýurdy bolmak bilen, Belarus 2018-nji ýylda azyndan dört adamy, 2017-nji ýyldaka garanda iki esse kän tussagy ölüme höküm etdi.

Ölüm jezasyny giňden ulanýan ýurt bolup galsa-da, Eýranyň neşe kanunçylygynyň üýtgedilmegibu ýurtda jezalandyrylyp öldürilýänleriň sanynyň aňk ediji derejede, 50% kemelmegine alyp geldidiýip, halkara günä geçiş guramasy aýtdy.

Şol bir wagtda, adamhukuklaryny goraýan toparyň aýtmagyna görä, Eýranda ölüm jezalary köplenç “adalatsyz suddan soň berilýär”.

Pakistanda, Yrakda we Somalide hem jezalandyrylyp öldürilýänleriň sany düýpli azaldy we bu ýagdaý jezalandyrylyp öldürilýänleriň sanynyň2017-nji ýylda azyndan 993 bolanlygyndan 2018-nji ýylda azyndan 690-a çenli aşak düşmeginealyp geldi.

"Dünýä ýüzünde jezalandyrylyp öldürilýänleriň sanynyň üzül-kesil we görnetin azalmagy hatda iň üýtgejege meňzemeýän ýurtlaryň hem öz ugruny üýgtedýändigini we ölüm jezasyny bermegiň çözgüt ýa çykalga däldigine akyl ýetirýändigini görkezýär” diýip, “Amnesty International” guramasynyň baş sekretaryKumi Naidoo aýtdy.

Emma bu oňyn tendensiýanyň görkezijileri Hytaýy, “dünýäniň iň köp jezalandyryp öldürýän ýurduny” öz içine almaýar. Halkara günä geçiş guramasynyň aýtmagyna görä, “döwlet syry hökmünde gizlin saklanansoň,bu ýurtda jezalandyrylyp öldürilenleriň sanlary müňlerçe bolmagynda galýandyr” diýip ynanylýar.

Hukuk topary Eýranda sud tarapyndan buýrulanjezalandyryp öldürmeleriň 253 sanysyny hasaba alandygyny, munuň 2010-njy ýyldan bäri iň pes görkezijidigini aýdýar. Guramanyň maglumatyna görä, Eýranda adam öldürmekde günäli tapylan we jezalandyrylyp öldürilen 160 adamyň 155-si erkek, bäşisi aýal.

Häkimiýetler 2018-nji ýylda on sekiz adamy “hudaýa garşy duşmançylykda” günäli tapyp, jezalandyryp öldüripdirler, bu görkeziji “syýasy işjeňlige” degişli bolan alty jenaýat işini hem öz içine alýar.

“Duşmançylyk” işleriniň arasynda jezalandyrylyp öldürilen etniki kürt tussaglarynyň hem işleri bar, olar “örän adalatsyz sud edildi” we “tussag edilenlerinden soň aklawçy bilen hem üpjün edilmedi”, şeýle-de olar özleriniň ýüklenýän günäni boýun alyp, galp görkezme bermekleri üçin gynalandyklaryny aýtdylar.

Eýranda jezalandyrylyp öldürilenleriň beýleki 14-si “ýer ýüzünde bozuklygy ýaýratmakda” günäli tapyldy diýip, hukuk toparlary aýtdylar. Olaryň bellemegine görä, Eýranda şol bir jynsdan bolan adamlaryň özara ylalaşyp, jynsy gatnaşyga girmegi şeýle “bozuklyk” atlandyrylýar.

Eýranda jezalandyrylyp öldürilenleriň galan 28-isi adam zorlamak aýyplamasy, 25-isi neşe gaçakçylygy, ýene biri bolsa talaňçylyk bilen bagly. Şol bir wagtda, Eýranda jezalandyrylyp öldürilen bäş adamyň aýyplamalary Halkara günä geçiş guramasy tarapyndan anyklanyp bilinmedi.

Ozalky ýyllardan tapawutlylykda, Eýranda jemgyýetçilige çykarylyp, daşlanyp öldürilen bolmady, emma azyndan 13 adamyň jezasy jemgyýetçiligiň öňüne çykaryp asmak bilen ýerine ýetirildi diýip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatda günbatar Azerbaýjan welaýatynda 17 ýaşynda içerki basgylanmanyň we jynsy zorlugyň pidasy bolan Zeinab Sekaanvandyň jezalandyrylyp öldürilmegine getiren gözçykgynç sud adalatsyzlygyna üns çekilýär.

Zeinab Sekaanvand
Zeinab Sekaanvand

AI Sekaanvandyň 17 ýaşynda öz adamsyny öldürmekde aýyplanyp tussag edilendigini we “erkek polisiýa ofiseri tarapyndan 20 günläp urlup-ýenjilenden soň öz adamsyny 2014-nji ýylda “pyçakladym” diýip, “boýun alandygyny” ýazýar.

Soň ol sudda bu aýdan sözüni yzyna alýar we adamsynyň doganynyň ärini öldürip, özüni zorlandygyny aýdýar.

Günä geçiş guramasynyň tassyklamagyna görä, eýran sudy bu beýanaty derňemän, onuň gynag astynda aýdan sözüni ölüm hökümine esas edip alýar.

XS
SM
MD
LG