Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti “Talyban” bilen gepleşikleriň 19-ny aprele çenli gijigendigini aýdýar


"Talyban" söweşijileri. Arhiw suraty
"Talyban" söweşijileri. Arhiw suraty

Owganystanyň hökümeti “Talyban” bilen Katarda 14-nji aprelde başlanmakçy bolan gepleşikleriň bäş gün yza süýşürilendigini aýdýar.


Ýaraşyk geňeşiniň owgan ýolbaşçylygynyň agzasy Abdul Hadi Arghandewal Dohada başlanjak gepleşikleri 19-njy aprele süýşürip, owgan gepleşikçiler toparynyň köp maslahatlaşmagynyň gerekdigini aýtdy.

Planlaşdyrylan duşuşyk Owganystanyň uzaga çeken uruşlarynyň soňlanmagyna we ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çykmagyna ýol açjak düýpli ädim bolup göründi.

Owgan hökümetiniň wekilleri gepleşiklere tanymal owganlaryň uly toparynyň çäginde gatnaşýarlar.

“Talyban” özüniň hökümet wekilleri bilen gepleşjekdigini, emma olary diňe “adaty” owgan hökmünde ykrar etjegini aýdýar.

XS
SM
MD
LG