Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratlar baş prokuroryň Orsýet derňewi babatda “içalyçylyk” belligine gahar edýärler


ABŞ-nyň baş prokurory William Barr
ABŞ-nyň baş prokurory William Barr

Demokrat kanun çykaryjylar ABŞ-nyň baş prokurory William Barryň prezident Donald Trampdan garaşsyzlyna güman bildirdiler. Olar Barryň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlary mahalynda Trampyň “içalyçylyk” baradaky sözlerine goldaw bildirmeginiň onuň pozisiýasyny gowşadaýandygyny aýdýarlar.

Barr 10-njy aprelde senat komitetinde beren görkezmesinde özüniň ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Trampyň kompaniýa toparynyň garşysyna “içalyçylyk” operasiýalaryny amala aşyrandyr diýip pikir edýändigini aýtdy.

"Men içalyçylyk boldy diýip oýlanýaryn” diýip, Barr soňundan öz sözüne delil getirmezden aýtdy.

Baar biraz soň öz aýdan sözlerinden yza çekilen ýaly göründi, ýagny özüniň haýsam bolsa bir bikanunçylyga ýüz urlandygyna ýetik bolmandygyny aýtdy.

Bu Barryň ýörite geňeşçi Robert Mueller 22-nji martda özüniň Orsýetiň ABŞ saýlawlaryna gatyşmagy babatdaky hasabatyny tamamlaly bäri ikinji gezek Kongresde çykyş edişidir.

Barr entek 400 sahypalyk hasabaty çap edenok, emma ol derňewiň netijelerini dört sahypa hatda jemläp, 24-nji martda Kongrese ýazan hatynda jemgyýetçilige aýan etdi.

Wekiller öýüniň demokrat spikeri Nancy Pelosi özüniň Muelleriň hasabatynyň düşündirilişinden “örän alada galandygyny” aýtdy. “Ol Donald Trampyň baş prokurory däl. Ol ABŞ-nyň baş prokurory” diýip, Pelosi aýtdy. “Men Barra ynanmaýaryn. Men Muellere ynanýaryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Senatyň demokrat lideri Çak Şumer (Chuck Schumer) Barryň ýa öz “içalyçylyk” baradaky sözlerine delil getirmegini, ýa-da öz beýanatyny yzyna almagyny talap etdi.

XS
SM
MD
LG