Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London polisiýasy WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjy tussag etdi


London polisiýasy WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjy tussag edendigini aýdýar.
London polisiýasy WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjy tussag edendigini aýdýar.

London polisiýasy özleriniň WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanjy (Assange) Ekwadoryň ilçihanasynda tussag edendiklerini aýdýar.

Metropolitan polisiýasy 11-nji aprelde Assanjy tussag astyna aldy we ol “mümkin boldugyça çalt” Westministr sudunyň öňüne çykarylar.

Ofiserler Assanjy Ekwadoryň hökümeti onuň oturym goragyny bes edeninden soň, ilçihananyň ilçisiniň özlerini içerik çagyrmagy netijesinde tussag etdiler diýip, beýanatda aýdylýar.

Ekwadoryň prezidenti Lenin Moreno öz ýurdunyň Assanjyň oturym hukugyny ol “halkara konwensiýalaryny gaýta-gaýta bozanyndan soň” ýatyrandygny aýtdy.

WikiLeaks Ekwadoryň Assanjyň syýasy oturym goragyny aýyrmagy “halkara kanunçylygyny bozmak bolýar” diýdi.

Assanj 2012-nji ýyldan bäri Ekwadoryň Londondaky ilçihanasyndan çykman ýaşaýardy. Bu oňa girew tölemekden, 2010-njy ýylda iki sany aýalyň jynsy süýkenme we zorluk aýyplamalaryna jogap bermek üçin Şwesiýa ekstradisiýa edilmekden gutulmak mümkinçiligini berdi.

Ol başda ilçihanada myhman hökmünde kabul edildi, emma hökümet çalşandan soň, Günorta Amerika ýurdunyň häkimiýetleri onuň daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny çäklendirip başladylar we internet elýeterliligini kesdiler.

Şwed prokurorlary oňa bildirilýän aýyplary geçen ýyl ýatyrdy, emma Assanj, 2012-nji ýyldaky girew şertlerini bozany üçin, britan hökümetiniň gözleýän adamlarynyň sanawynda saklanylýar.

Awstraliýaly, 47 ýaşyndaky Assanj ABŞ-nyň Owganystandaky we Yrakdaky urşy barada gizlin harby maglumatlaryň 500 müň çemesini syzdyrmakda aýyplanyp, sud edilmek üçin Birleşen Ştatlara ektradisiýa ediljekdigini aýdyp, ilçihanadan çykmakdan boýun gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG