Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kwetta şäherinde bolan bomba partlamasynda azyndan 16 adam öldürildi


Pakistan, ulag bombasynyň bolan ýeri. Arhiw suraty.
Pakistan, ulag bombasynyň bolan ýeri. Arhiw suraty.

Günorta-günbatar Pakistanda, Kwetta şäherinde bolan bomba partlamasynda azyndan 16 adam öldürildi, 12 adam ýaralandy diýip, 12-nji aprelde polisiýa resmileri aýtdy.

Polisiýanyň başlygy Abdur Razzak Çeema Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Maşal radiosyna partlaýjydan doldurylan maşynyň köp adamly gök bazarynda park edilendigini aýtdy.

Ölenleriň arasynda iki çaga hem bar, ýaraly bolanlaryň ýedisi gyssagly hassahana alnyp gidildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bomba partlamasy şaýy etniki topary bolan hazaralary nyşana alana meňzeýär diýip, Çeema aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan topar tapylmady. Emma mundan öň şeýle hüjümler bikanun diýlip yglan edilen ekstremist sünni toparlary tarapyndan amala aşyrylýardy.

Bulujystan welaýatynyň baş ministri Jam Kamal Khan bu hüjümi ýazgaryp, “terror aktynyň arakasynda adamzat duşmanynyň durandygyny” aýtdy.

Kwetta Bulujystanyň paýtagty bolup, bu ýerde separatist toparlar pes derejeli pitneçilik bilen meşgullanýarlar.

XS
SM
MD
LG