Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Julian Assanj Londonda sud öňüne çykaryldy, ABŞ aýyplamalaryny yglan etdi


Julian Assanj suda getirilýär. London, 11-nji aprel, 2019.
Julian Assanj suda getirilýär. London, 11-nji aprel, 2019.

WikiLeaksi esaslandyryjy Julian Assanj Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda, 2012-nji ýyldan bäri çykman ýaşaýan ýerinde tussag edildi.

Häkimiýetler 47 ýaşyndaky awstraliýaly erkegiň11-nji aprelde, suda tabyn bolup, girew goýmak düzgünini bozandygy üçin we ABŞ-nyň ekstradisiýa talabyndan soň tussag edilendigini aýtdylar. Assanj giçlik London sudunda peýda boldy we Şwesiýanyň tussaglyk hökümine boýun bolmazlyk we girew düzgünini bozmak aýyplamalarynda özüni günäsiz hasaplaýandygyny aýtdy.

Sudýa Assanjy girew aýyplamasynda günäli diýip yglan etdi we onuň anyk aýdylmadyk bir senede türme tussaglygyna höküm edilmegi üçin deslapky tussaghanada galdyrylýandygyny aýtdy. Bu aýyplama esasynda bir ýyla çenli türme tussaglygyny berip bolýar.

Assanj mundan başga, aýratynlykda 2-nji maýda ABŞ-nyň ekstradisiýa talaby esasynda hem sud diňlenişihine getirilmeli. ABŞ-nyň Adalat departamenti ol tussag edilenden gysga wagt soň Assanjyň 2010-njy ýylda ABŞ-nyň ozalky aňtaw analitigi Çelsi Manning (Chelsea Manning) bilen Amerikanyň gizlin hökümet kompýterine girmek üçin dil düwüşmekde aýyplanandygyny aýtdy.

Manning 2010-njy ýylda müňlerçe gizlin dokumenti, wideolary, diplomat telegrammalaryny Assanjyň gizlinlige garşy Wikileaks saýtyna syzdyrandygy üçin sud edildi. Adalat departamenti, eger sud edilip, günäli tapylsa Assanjyň aňyrsy bäş ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG