Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tripoli üstündäki söweşlerde alty günde 56 adam öldürildi


BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş Liwiýanyň milli goşunynyň komandiri Khalifa Haftar bilen görüşýär. Bengazi, 5-nji aprel, 2019.
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş Liwiýanyň milli goşunynyň komandiri Khalifa Haftar bilen görüşýär. Bengazi, 5-nji aprel, 2019.

Liwiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti milisiýa komandirleriniň güýçleri bilen paýtagta kontrollyk üstündäki söweşi dowam etdirýär, BMG-iň başlygy ýurduň “örän howply ýagdaý” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny duýdurýar.

BMG-niň dünýä saglyk guramasy 11-nji aprelde paýtagt Tripoliniň golaýnyda alty gün bäri barýan söweşlerde azyndan 56 adamyň öldürilendigini, 266 adamyň ýaraly bolandygyny, müňlerçe adamyň öz ýaşaýan ýerinden gaçandygyny aýtdy.

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterriş duşmançylygy bes etmäge çagyryp çykyş etdi we “şindem saklanmaga wagt bar” diýdi.

"Şindi hem ýaraşygyň ýer almagyna, duşmançylygyň bes edilmegine, beterinden,Tirpoli ugrundaky pajygaly, ganly söweşlerdensowulmaga pursat bar” diýip, ol aýtdy.

Özüne Liwiýanyň milli goşunynyň komandiri diýip at beren Khalifa Haftaryň nökerleri apreliň başynda Tripolini goraýjylara garşy söweşe başlady. Tripoli Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrara edilen hökümetini goldaýan milisiýa tarapyndan goralýar.

Haftar onlarça adamy öldüren hüjümleri togtatmak baradaky halkara çagyryşlaryna gulak asmaýar.

Orsýet, Müsür we Birleşen Arap Emirlikleri Haftaryň esasy goldawçylary bolup durýar.

Demirgazyk Afrika ýurdy uzak waglyk dolandyryjy Muammar kaddafi 2011-nji ýylda häkimiýetden agdarylaly bäri uruş-dawa, syýasy durnuksyzlyga we zorluk-süteme gaplandy.

XS
SM
MD
LG