Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Moskwada gepleşiklere başladylar


Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanian, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadýarow

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Daglyk-Garabag konflikti barada Moskwada gepleşiklere başladylar.

Zohrab Mnatsakanian bilen Elmar Mammadýarowyň arasynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow tarapyndan ýola goýlan gepleşikler “Daglyk-Garabag meselelerine çözgüt tapmaga gönükdiriler” diýlip, Orsýetiň daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Mnatsakanian bilen Lawrow 15-nji aprelde ir bilen Moskwada ikiçäk duşuşdylar.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda alnyp barylýan gepleşiklere konflikte çözgüt tapmak boýunça Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Minsk toparynyň rus, fransuz we amerikan wekilleri Igor Popow, Stephane Wiskonti we Andrew Skofer-de gatnaşar.

Ilaty esasan etnik ermenilerden durýan Daglyk-Garabag 1988-94-nji ýyllaryň aralygynda bolan uruşda özüni garaşsyz diýip yglan etdi. Bu uruşda, çaklanyşyna görä, 30 müň adam ölüp, ýüz müňlerçe adam öz ýurdundan gaçyp çykmaga mejbur boldy.

Region 1994-nji ýyldan bäri etnik ermeni güýçleriniň kontrollygynda. Baku bularyň arasynda Ermenistan tarapyndan üpjün edilýän ýaragly güýçler-de bar diýýär.

Daglyk-garbagy garaşsyz döwlet diýip hiç bir ýurt ykrar edenok.

Minsk toparynyň gatnaşmagynda halkara araçylygynda ýola goýlan gepleşikler atyşyklaryň bes edilmegine goşant goşsa-da, onuň dowamly ýerine ýetirilmegini üpjün edip bilmedi.

Daglyk-Garabagyň töwereklerinde we ermeni-azerbaýjan serhetinde atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulan mahallary soňky aýlarda azaldy.

Muňa garamazdan gepleşikleriň konflikte gutarnykly çözgüt tapmak boýunça beren netijesi ýok.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinian bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Minsk toparynyň howandarlygynda ilkinji gezek 29-njy martda Wenada duşuşdylar.

Ýerewan bilen Baku gepleşikleri “oňyn” we “konstruktiw” diýip häsiýetlendirip, taraplaryň konfliktli zonada atyşyklary bes etmek düzgünini güýçlendirmek we dialogy dowam etdirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdylar.

Ol sammit Paşinian bilen Alyýewiň alty aýyň içinde dördünji gezek ýüzbe-ýüz duşuşmagydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG