Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Dumasy 'özygtyýarly Internet' hakyndaky kanun taslamasyny kabul etdi


Moskwada adamlar bu kanun taslamasyna garşy çykyş edip, ýöriş geçirýärler. 10-njy mart, 2019 ý,
Moskwada adamlar bu kanun taslamasyna garşy çykyş edip, ýöriş geçirýärler. 10-njy mart, 2019 ý,

Russiýanyň parlamentiniň aşaky öýi dawaly kanun taslamasyny kabul etdi. Tankytçylar bu taslama prezident Wladimir Putiniň Internete hökümet gözegçiligini artdyrmak baradaky tagallalarynyň bir bölegi hökmünde garaýarlar.

16-njy aprelde Russiýanyň Döwlet Dumasyndaky kanunçykaryjylaryň 307-siniň goldap, 68 sanysynyň garşylyk görkezip çykyş etmegi netijesinde, kanun taslamasy doly tassyk edildi.

Häzirki wagt kanun taslamasy parlamentiň ýokary öýüne, ýagny Federal Geňeşe ugradylýar we bu ýerde hem onuň tassyk edilmegine we soňra gol çekmegi üçin Putine iberilmegine garaşylýar.

“Özygtyýarly Internet” diýlip atlandyrylýan kanun taslamasynda Internet prowaýderlerinden rus web-trafikasyny döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän nokatlardan geçirip biljek guraly oturtmak we ýerli “Domain Name Systemi” döretmek talap edilýär.

Bu kanun taslamasyny goldap çykyş edýänler munuň, olaryň sözlerine görä, “Runet” diýlip tanalýan Internetiň rus segmentini has garaşsyz etjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG