Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda awtobus ýolagçylarynyň 14-si atylyp öldürildi


 Pakistan, awtobusyň üstünden daşaryk seredýän oglan.
Pakistan, awtobusyň üstünden daşaryk seredýän oglan.

Günorta-günbatar Pakistanda kimlerdigi anyklanmadyk hüjümçiler awtobuslaryny güpbasdy edeninden soň, 14 ýolagçy öldürildi diýip, resmiler aýtdylar.

Resmiler we ýerli media ýaragly adamlaryň 18-nji aprel güni irden Karaçiden Gwadara barýan awtobusyň ýolagçylaryny maşyndan düşmäge mejbur edendiklerini aýdýarlar.

Aman galanlar polisiýa ýaragly adamlaryň ýolagçylaryň şahsyýetlerini kesgitlänlerinden soň, olaryň bir toparyny saýlap-seçip öldürendiklerini gürrüň berdiler. Bu ganhorlygyň sebäbi belli däl.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Mir Zahoor Buledi Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna bu wakanyň 18-nji aprelde,Makran kenarýaka ýolunda bolandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe öz üstüne alan bolmady.

Durnuksyz sebit bolan Bulujystanda hem separatistler, hem yslamçylar hereket edýär. Buluç separatist toparlary beýleki etniki toparlara degişli adamlara hüjüm edýärler, yslamçylar bolsa esasan şaýy azlygyny nyşana alýarlar.

XS
SM
MD
LG