Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar (1-nji bölüm)


Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynyň binasy

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sany Türkmenistandan daşary ýurtlara ýokary bilim almaga gidýän studentler, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, dünýä standartlarynda bilim alan türkmenistanlylaryň ýurduň şu gününde we ertirinde oýnaýan roly ýaly temalara gönükdirilýär.

Soňky günlerde Türkmenistanda ýurduň Bilim ministrliginiň adyndan daşary ýurtlaryň käbir ýokary okuw jaýlarynyň atlarynyň sanawy ýaýradylýar. 16-njy aprelde sanawyň Azatlyk Radiosyna gelip gowşan nusgasynda Hytaýyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gürjüstanyň we Ukrainanyň käbir ýokary okuw jaýlarynyň atlary görkezilýär.

Dokumendiň ýokarysynda “2019-njy ýylda daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň sanawy” diýlen ýazgy bar.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu sany Türkmenistandan daşary ýurtlara ýokary bilim almaga gidýän studentler, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, dünýä standartlarynda bilim alan türkmenistanlylaryň ýurduň şu gününde we ertirinde oýnaýan roly ýaly temalara gönükdirilýär.

Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleri, ýokary bilim we ýaşlar (1-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Öňdelik

“Öňdeligi düzýän okuw mekdepleriniň sanawy” diýmek nämäni aňladýar? Bu agzalýan ýokary okuw jaýlardan berlen diplomlaryň Türkmenistanda kabul edilýändigini alamatlandyrýarmy, ýa-da şol okuw jaýlarda bilim alýan türkmenistanlylar üçin ýurtdan maliýe serişdelerini ugratmakda ýeňillik döredilýändigini alamatlandyrýarmy? Bu soraglaryň jogabyny häzirki wagtda Bilim ministrliginden almak mümkin däl. Ýurduň resmi media we metbugat serişdelerinde peýda bolan täze sanaw barada hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň täze sanaw barada paýtagtda bilim edaralaryň işgärleriniň ýokary klaslaryň okuwçylary we ene-atalary bilen geçirýän ýygnaklaryna salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, Bilim ministrliginiň çap eden sanawynda görkezilen ýokary okuw jaýlarynyň diplomlary Türkmenistanda kabul ediler.

Garward, Stanford ýa-da Prinston uniwersitetleri

Azatlyga gelip gowşan sanawda, meselem, Birleşen Ştatlaryň Garward, Stanford ýa-da Prinston ýaly abraýly uniwersitetleriniň, ýa-da bolmasa Beýik Britaniýanyň Oksford ýa-da Kembridj ýaly abraýly ýokary okuw jaýlarynyň atlary ýok. Ýöne aşgabatly habarçymyz 16-njy aprelde ýetiren maglumatynda sanawda käbir Günbatar ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň atlarynyň bardygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri sanawda Angliýanyň hem birnäçe uniwersitetiniň atlarynyň bardygyny 12-nji aprelde habar berdi. Neşiriň çap eden sanawynyň sözbaşynda: “Daşary ýurtlara diňe şu aşakda görkezilen ýokary we ýörite okuw jaýlaryna okamaga gitseler diplomlaryny tassykladyp bilerler” diýen ýazgy bar.

Apreliň başynda edil şeýle sanawyň suraty türkmen sosial media ulanyjylarynyň arasynda-da peýda boldy. Ol suratda-da görkezilen ýokary okuw jaýlardan alnan diplomlaryň Türkmenistanda tassyklanjakdygy aýdylýar.

Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt bilim edaralarynyň täze sanawy
Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt bilim edaralarynyň täze sanawy

Azatlyk Radiosyna gelip gowşan sanawda ýokary okuw jaýynyň ýerleşýän ýurdunyň ady hem-de uniwersitetleriň iňlis we türkmen dillerindäki atlary ýazylypdyr.

18-nji aprelde “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine beren telefon interwýusynda häzirki wagtda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally agzalýan sanawyň ýokarsyndaky “öňdeligi düzýän” uniwersitetler diýen aňlatmanyň manysy hakyndaky öz şahsy garaýyşlaryny şeýle düşündirdi:

“Öňdeligi düzüjiler diýilýäni, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň diňe synagdan geçen ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmagy diýip düşünýärin” diýip, ýazyjy aýtdy.

Ýygnaklar

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilim pudagynyň işgärleriniň mekdeplerde ýokary klas okuwçylar we ene-atalar bilen ýygnak geçip, onuň dowamynda daşary ýurtlarda bilim almaga isleg bildirýän ýaşlaryň diňe döwlet tarapyndan diplomy kabul ediljek ýokary okuw jaýlara gitmegini maslahat berendigini 16-njy aprelde habar berdi.

Anna güni Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy bu regionda-da şeýle ýygnaklaryň geçirilýändigini, olary bilim pudagynyň hem-de güýç edaralarynyň işgärleriniň alyp barýandygyny habar berdi.

Bu habarlardan mälim bolşuna görä, Türkmenistan öz raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagy, olaryň diplomlarynyň kabul edilmegi ýa-da olarda okaýan türkmenistanly studentlere ene-atalarynyň Türkmenistandan ugradyp biljek maliýe serişdeleri bilen bagly özgerişlikleriň üstünde işleýär.

Azatlygyň habarçysy täze peýda bolan sanawdaky uniwersitetleriň Türkmenistandaky öňdeliginiň üstümizdäki 1-nji sentýabrdan güýje girjekdigini aýtdy.

Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan türkmenistanly student, Perman, 19-njy aprelde “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine Moskwadan beren gürrüňinde täze döredilen sanawa girizilmedik käbir uniwersitetler barada pikir ýöretdi:

“Belki şolaryň galanlaryndan gutaryp gelýänleriň bilim derejesi ýeterlik däldir. [Häkimiýetleriň] şol zatlary hem göz öňünde tutýan bolmaklary mümkin” diýip, ol aýtdy.

Elbetde, bu Permanyň şahsy garaýşy. Türkmen häkimiýetlerini daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny düzmäge iteren sebäpleriň resmi düşündirişi halk köpçüligine mälim däl.

Zerur ugurlar

Ýazyjy Hudaýberdi Hally ýerli ýokary okuw jaýlaryň ähli zerur ugurlarda kadr taýýarlamagyň doly hötdesinden gelip bilmändigini, munuň netijesinde ýaşlaryň zerur ugurlardan bilim almak üçin daşary ýurtlara gitmeli bolandygyny gürrüň berdi:

“Bu möhüm mesele. Ýaşlar beýleki bir ýurda gidip, gerekli bilimi alyp gelýärler. Meselem, Türkmenistan agrar ýurt, şoňa garamazdan Türkmenistanda diňe oba-hojalyk instituty bardy öň, soňra ol uniwersitet boldy. Şonuň hem bir fakultetine agronomçylyk diýilýärdi. Şol agronomçylykda-da esasan pagtaçylyk, gowaçanyň ekini bilen meşgullandylar, ýöne ýurt diňe şonuň bilen dolanmaýar. Şonuň üçin gallaçylyk, bagbançylyk, ýa-da bal arylary, ýa-da üzümçilik, miwe hojalygy, gök ekerançylyk ýaly dürli-dürli ugurlardan tälim aljak ýaşlar hökman başga ýerlere gitmeli bolýardylar” diýip, ýazyjy aýtdy.

Biz häzirki wagta Russiýanyň uniwersitetleriniň birinde ýokary bilim alýan Permanyň näme sebäpden bu ýurdy saýlap alandygy bilen gyzyklandyk:

“Rossiýany saýlap almagymyň sebäbi, şu taýda tanyşlarym bar. Şolaryň üsti bilen geldim. Şolar maňa hemme dokumentleri düzetmegi öwretdi, nähili ekzamenleriň bolýandygyna, hemme zada kömek etdi şolar. Şolaryň üsti bilen geldim” diýip, Perman aýtdy.

Dil, pul we okuw

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan daşary ýurtlardaky studentleriň sözlerinden çen tutulsa, türkmenistanly ýaşlar esasan Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Türkiýede, Hytaýda, Täjigistanda, Özbegistanda we şuňa meňzeş ýurtlarda köpçülikleýin bilim alýarlar. Perman Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýaşlaryň duş gelýän käbir ýagdaýlaryny gürrüň berdi:

“Mekdepde rus dilini çala öwrenip gelýänler, 1-nji kursdan öň geçilýän “podkursda” (taýýarlyk-red.) okaýarlar. Ondan daşgary kart problemasy bar-da. "Osnownoý" problema şol kart. Şol problema ýitenok, ýitjek zada-da meňzänok. Western [Uniondan pul] gelýär käbir adamlaryň yzyndan. Ýurtdaky problemalar sebäpli, adamlar [okuwyň] gapdalyndan işlemegiň aladasynda” diýip, Perman aýtdy.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Permanyň gürrüň berýän problemalary barada telim gezek maglumat berdi. Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentler özleriniň türkmen banklaryndan alan Visa kartlaryndaky maliýe serişdelerini okaýan ýurtlarynyň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini, nagtlaşdyran ýagdaýlarynda-da günüň dowamynda örän ujypsyz mukdarda nagtlaşdyryp bilýändiklerini gürrüň beripdiler.

Ýurduň ýüzi

Eýsem, bu problemalar ýurduň daşary ýurtlardaky abraýyna täsir ýetirýärmi diýen soraga beren jogabynda ýazyjy Hudaýberdi Hally şeýle diýdi:

“Bu gönüden-göni ýurduň öz ýüzüni görkezýär, diňe abraýyny däl, eýsem, şol ýurduň ýüzüni, keşbini, alyp barýan syýasatyny görkezýär” diýip, ýazyjy aýtdy.

Ol bu ýagdaý bilen bagly sowet döwründe gündogar Türkmenistanyň obalarynyň birinde bolan wakalara salgylandy. Ýazyjynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda sowet zamanasynyň ortalarynda şol obanyň stalinçi başlyklary adamlaryň obadan şäherlere gidip bilim almaklaryna garşy çykýar. Başlyklar uly-kiçi ähli oba ýaşaýjylary kolhozyň oba hojalyk önümçiligine goşant goşar ýaly olaryň pagtaçylyk, sagymçylyk, maldarçylyk ýaly diňe oba hojalyk işleri bilen meşgul bolmagyny talap edýär. Ýazyjy Türkmenistandaky şol döwürler bilen häzirki döwürleriň arasynda arabaglanyşyk gurýar:

"Lepbeýçiler"

“Häzirki alnyp barylýan syýasat hem şeýle; ýurduň ýolbaşçylaryna ösen ýurtlarda bilim alýan ýaşlar gerek däl, olara lepbeýçiler gerek, olara her bir aýdan sözüňe “bolýar” diýip ylgap barýan adamlar gerek. Ylymly adam gerek däl. Döwletiň alyp barýan syýasaty şeýle. Şonuň üçin hem döwlet dürli ýollar bilen ýaşlaryň daşary ýurtda okamak mümkinçiliklerini gysýarlar, şony çäklendirýärler, şony iň ahyrky derejä çenli peseldýärler” diýip, ýazyjy aýtdy.

Türkmen metbugatynda çykýan habarlarda bolsa Türkmenistanda ýaşlaryň erkin bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilendigi gaýtalanýar.

"Panika", şübhe we gorky

Biz Moskwadaky türkmen studenti Permanyň sözlerine dolanýarys. Ol Bilim ministrliginiň adyndan ýaýradylýan Türkmenistanda diplomy kabul edilýän uniwersitetleriň täze sanawynyň daşary ýurtlardaky talyplarda dowul döredýändigini aýtdy:

“Soňky 1-2 hepdäniň içinde studentler panikada gezip ýör, hemmeler şol spisogy okap, “biziň uniwersitetimiziň ady ýok” diýip, ýokary kurslarda, indi okuwy gutarmaly diýip ýören adamlar hem, şony okasa bir hili bolýar. Adamda şübhe döreýär, gorky döreýär...” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt bilim edaralarynyň täze sanawy
Türkmenistanda öňdeligi düzýän daşary ýurt bilim edaralarynyň täze sanawy

Hudaýberdi Hally islendik ýurtda bilimiň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ünsden düşürilmeginiň, ýa-da çäklendirilmeginiň ýurduň geljegine ýetirmegi ahmal täsirleri barada öz pikir-garaýyşlaryny şeýle beýan etdi:

Bilimli ýaşlar we ýurduň geljegi

“Ýurduň geljegine gaty agyr täsir ýetirer. Sebäbi, ynha ýaňy ýakynda habarlarda çykdy. Bir adama 10 ýumurtgadan artyk satmaly däl diýlen görkezme berlipdir, dil üsti bilen. Heý, ondanam bir problema bolarmy!? Bir ýurtda towuk ýumurtgasy ýetmeýän bolsa, towugyň eti ýetmeýän bolsa, onuň nähili ertirki geljegi bolup biler!? Dünýä häzir gaty bir çalt ösýär. Biziň ýaş döwürlerimizde sowet döwrüniň adamlaryny uruş ýyllarynyň açlygy bilen gorkuzýardylar. ‘Ynha, uruş ýyllarynda şeýle boldy, şeýle açlyk boldy. Biz iýmäge nan tapmadyk, çörek tapmadyk, bulamak iýdik diýýärdiler. Indi, häzirki döwürlerde-de şol: ‘Biziň parahat durmuşymyz bar, asmanymyz açyk’. Bolany. Şonuň üçin hem ýurdy aýaga galdyrjak adamlar diňe bilimli adamlar, diňe sowatly adamlar. Diňe şolaryň güýji bilen ýurt diklenip biler” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Beýleki tarapdan, tankytçylar ýurduň bilim pudagyny sorag astyna alýan wagty, ýurt resmileri hem-de döwlet metbugaty Türkmenistanyň bilim pudagyna üns berilýändigini tekrarlaýar.

Bildiriş

Martyň başynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Nesil” gazetinde iki sany aýrybaşga bildiriş çap boldy. Onuň birinjisinde 11 – 24-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2019/2020-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýändigi mälim edilýär. Seçip alşyň birinji tapgyrynda dalaşgärlerden TOEFL, IELTS, SAT ýaly synaglardan geçmek talap edilýändigi bellenilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň beýleki bir bildirişinde ministrligiň 2019/2020-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýändigi mälim edilýär. Ýöne ýeňijileriň okuw harajatlaryny haýsy guramanyň ýa-da edaranyň maliýeleşdirýändigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýazyjy Hudaýberdi Hally gürrüňdeşligiň dowamynda dini çeşmelerde bilime goýulýan sarpanyň ähmiýeti barada-da gürrüň berdi. Ol gürrüňe dowam edip şeýle diýdi:

Hünär alyp yza dolanmak

“Bize bilimli ýaşlar seýrek ugurlardan gerek, ýagny tüýs bir gerekli ugurlardan gerek. Meselem, biz eger Ortaýer deňziniň kenaryndaky döwletleri alsak, Gresiýany, Italiýany ýa-da Ispaniýany, şol ýerlerde ägirt güýçli üzümçilik plantasiýalary bar; üzümden örän gowy peýdalanýarlar, üzümiň ösdürilip ýetişdirilişi düýpden başga. Bize şony öwrenýän alym gerek. Bize şony öwrenýän bilermen gerek! Şolar ýaly bize ýörite, aýratyn hususy ugurlar boýunça bilermenler gerek. Ýa-da içgileri alyp göreliň! Ýeňil alkogolly içgiler bolsun, ýa-da alkogolsyz içgiler bar, ýa-da jemgyýetçilik naharlary bar, ýa-da turizm meselesi bar, şolar ýaly ugurlardan, ýörite ugurlardan düşünjesi bolan, bilim alýan adamlar gerek. Olar halk hojalygyna günibirin gerek. Ony hem şol ýaşlaryň özüne rugsat bermeli. Kimde nähili höwes bolsa, goý, gidip öwrensin, görsün, bilsin, hünär alyp hem yzyna dolanyp gelsin!” diýip, Hudaýberdi aga aýtdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze sanawynda Ispaniýanyň, Italiýanyň ýa-da Gresiýanyň ýokary okuw jaýlary häzirlikçe görünenok.

"Gaty kagyz"

Türkmen jemgyýetinde “gaty kagyz” atlandyrylýan diploma adam durmuşynyň ýagty geljeginiň kepili hökmünde garalýan pursatlara-da duş gelse bolýar. Oglanlar ak köýnek, gara galstuk we tahýa, gyzlar bolsa uzyn, gyzyl, ýakaly türkmen köýnek we tahýa geýnip okuwa gatnaýar. Adamlaryň arasyndaky ikiçäk gürrüňdeşliklerde ýurduň ýokary okuw jaýlaryndaky paranyň güýjünden, yzy üzülmeýän çärelerden gürrüň edilýän wagtlary hem bolýar.

Noýba we genetika

Ýazyjy Hudaýberdi Hally gara gözli noýbanyň mysalynda genetika ylmynyň Türkmenistandaky we Çehiýadaky gazananlaryny deňeşdirip, sözlerini şeýle jemledi:

“Ynha, men Çehiýanyň paýtagty Praganyň eteginde otyryn. Çehiýanyň dükanlarynda noýbanyň, adaty noýbanyň birnäçe görnüşi bar. Biziň ulanýan noýbamyza bular "gara göz noýba" diýýärler. Şeýle owadan ady bar, birnäçe görnüşi bar. Türkmenistanda diňe bir [görnüşli] noýba bar, şol gara göz noýba diýilýäni. Näme üçin beýleki ugurlar ýok? Diýmek genetikadan, şol bakjaçylyk genetikasyndan bizde bilermenler az, ýa-da ýok. Hut şolar ýaly iň zerurdan zerur ugurlardan bize bilermenler gerek!”

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG