Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürliler Sisiniň dolandyryş möhletini uzaltjak referendumda ses berýär


Prezident Abdel Fattah al-Sisi prezident saýlawlarynda ses berýäe. Arhiw suraty, 26-njy mart, 2018
Prezident Abdel Fattah al-Sisi prezident saýlawlarynda ses berýäe. Arhiw suraty, 26-njy mart, 2018

Müsürliler 20-nji aprelde iş başyndaky prezident Abdel-Fattah al-Sissiniň dolandyryş ygtyýarlyklaryny 2030-njy ýyla çenli uzaltmaga mümkinçilik berjek konstitusiýa düzedişleri babatda geçirilýän üç günlük referendumda ses bermäge başladylar.

Teklip edilýän konstitusiýa düzedişleri onuň häzirki dört ýyllyk prezidentlik möhletini alty ýyla çenli uzaltmaga we ýene bir möhlet wezipede galmaga mümkinçilik berer.

Şeýle-de bu düzedişler harbylaryň syýasy durmuşdaky roluny güýçlendirer we prezidente sud kanunçylygynyň üstünden garamakda kän ygtyýar berer diýip, tankytçylar aýdýarlar.

Sisiniň tarapdarlarynyň agdyklyk edýän parlamenti 16-njy aprelde bu düzedişleriň haýryna ses berdi. Halkara hukuk toparlary bu çäreleri tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG