Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şri-Lankada bolan partlamalarda 200-den gowrak adam öldi


Şri-Lankada 21-nji aprelde bolan partlamalar netijesinde 200-den gowrak adam öldi.
Şri-Lankada 21-nji aprelde bolan partlamalar netijesinde 200-den gowrak adam öldi.

Şri-Lankada 21-nji aprelde bolan partlamalar netijesinde 207 adam öldi, 500-den gowrak adam bolsa ýaralandy.

Azyndan alty partlamanyň bolandygy aýdylýar. Biraz soň ýene iki partlamanyň bolandygy habar berildi.

Paýtagtdaky partlamalar dindarlaryň pasha çärelerine toplanýan birnäçe ýerinde, şol sanda myhmanhanalarda we ybadathanalarda gurnaldy.

Paýtagtyň demirgazygyndaky Negombo şäherinde, Kolombonyň gapdalyjygynda, ýene paýtagtdan 250 km gündogardaky Battikaloada üç ybadathana nyşana alyndy.

Negomboda, merhemetli Sebastiaýanyň Katuwatiwiýadaky ybadathanasynda bolan partlamanyň eden weýarançlygyndan düşürilen suratlar ybadathananyň feýsbuk sahypasynda çap edildi, ol suratlarda gana bulaşan pol we oturgyçlar görünýär.

Ybadathana jemgyýetçilikden kömek sorady.

Bäş ýyldyzly myhmanlarda hem üç partlama boldy diýip, polisiýa aýtdy.

Maliýe ministri Mangala Samaraweera twitterde hüjümleriň “adam öldürmek, maýyp etmek we baş-başdaklyk döretmek üçin gowy utgaşdyrylana meňzeýändigini” we “köp bigünä adamy öldürendigini” aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Prezident Maithripala Sirisena adamlary asudalyga hem-de häkimiýetlere derňew geçirmekde kömek etmäge çagyrdy.

Şri-Lankanyň ilatynyň diňe ýedi prosenti hristian. Köp adam buddaçy.

Dünýä liderleri bu hüjümleri ýazgaryp çykyş etdiler.

Habarlaryň käbirinde partlamalary janyndan geçenleriň amala aşyrandygy aýdyldy.

Goranmak ministrligi güman edilýän ýedi adamyň saklanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG