Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky awtobus hadysasynda azyndan 11 adam öldi


Astana, döwük-ýenjik ýollar.
Astana, döwük-ýenjik ýollar.

Günorta Gazagystanda, migrantlaryň Orsýete aşmak üçin ulanýan ýolunda bolan awtobus hadysasynda azyndan 11 adam öldi, 30 çemesi adam ýaralandy diýip, Gazagystanyň Içeri işler ministrligi aýtdy.

Bu hadysa Alamty-Daşkent ýolunyň Kordaý etrabynda, günortadaky Žambyl welaýatynda 20-nji aprel güni irden boldy.

Häkimiýetler pidalaryň arasynda gazaklar bilen birlikde özbek raýatlarynyň hem bardygyny aýdýarlar.

Geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew pidalaryň maşgalalaryna gynanjyny bildirdi we Özbegistanyň prezidentine hem telegramma iberendigini aýtdy.

Tokaýew “biziň ýollarymyzdaky ýagdaý, meniň Içeri işler ministrligindäki duşuşykda aýdyşym ýaly, örän endişe beriji” diýdi. Ol hökümete gyssagly çäreleri görmegi tabşyrandygyny hem sözüne goşdy.

Hadysanyň bolan ýerine “Tiz kömek” maşynlary, halas ediş toparlary we beýleki resmiler iberildi, polisiýa derňewe başlady diýip, ýerli media habar berdi.

Bu ýol özbek, täjik we beýleki merkezi aziýa migrant işçileri tarapyndan Orsýete gitmekde ulanylýar, millionlarça merkezi aziýaly möwsümleýin işlerde, gurluşyklarda, zawodlarda we ekin meýdanlarynda tapan işlerinde işlemek üçin uzak ýol aşmaly bolýar.

2018-nji ýylyň ýanwarynda, Gazagystanyň Aktobe sebitinde özbek raýatlaryny alyp barýan awtobus ot alanda 52 özbegistanly öldi.

XS
SM
MD
LG