Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Tartus portuny 49 ýyllyk kärendesine almak ylalaşygyna basym gol çekiljegini aýdýar


Siriýa, Tartus şäheriniň ýerli ýaşaýjylary.
Siriýa, Tartus şäheriniň ýerli ýaşaýjylary.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad 20-nji aprelde Damaskda uly derejeli rus resmileri bilen gepleşmek üçin duşuşdy. Iki ýurduň hem döwlet mediasy Siriýanyň Tartus portunyň Orsýete kärendesine berilmegi baradaky ylalaşygyň baglaşylmagyna ýakyn gelnendigini aýdýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Assadyň Moskwanyň Siriýadaky ýörite wekili Aleksandr Lawrentiew; Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin; premýer-ministriň orunbasary Ýuriý Borisow; Goranmak ministrliginiň birnäçe resmisi bilen iki günläp duşuşandygyny aýtdy.

Resmiler bu duşuşykda, Moskwanyň Ýakyn Gündogardaky täsirlerini artdyrmak tagallalarynyň çäginde, parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry, ikitaraplaýyn söwda meseleleri barada hem maslahat edilendigini aýtdylar.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy Borisowa salgylanyp, Orsýetiň Tartus portuny kärendesine almagy baradaky şertnama basym gol çekilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Orsýetiň Federasiýa geňeşi 2017-nji ýylyň dekabrynda Moskwa bilen Assadyň hökümetiň arasynda rus güýçleriniň Tartusdaky deňiz bazasyna elýeterliligi barada baglaşan ylalaşygyny tassyk etdi.

Bu ylalaşyk rus gämileriniň Siriýanyň territorial suwlaryna, içerki suw ýollaryna, portlaryna barmagyna hem ýol açýar. Bu ylalaşyk gol çekilen wagtyndan bäri wagtlaýyn güýçdedi.

Resmi taýdan gol çekilende, bu şertnamanyň möhleti 49 ýyla çenli uzalar.

XS
SM
MD
LG