Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň merkezinde Aragatnaşyk ministrligine hüjüm edilip, ýedi adam öldürildi


Kabulyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm edilende azyndan ýedi adam öldürildi.
Kabulyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm edilende azyndan ýedi adam öldürildi.

20-nji aprelde Kabulyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm edilende azyndan ýedi adam öldürildi diýip, owgan resmiler aýtdylar.

Günortana golaý, şäheriň iň bir meşgul künjekleriniň birinde ýerleşýän ministrligiň daş işiginde bolan partlamanyň we şondan soň turan atyşyklaryň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Polisiýanyň başlygy, general Saýed Mohammad Roşandil bombaçynyň ministrligiň girelgesinde özüni partladandygyny we beýleki hüjümçileriň Kabulyň merkezinde berk goralýan howlynyň içine girmekleri üçin ýol arçandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasart Rahimi birnäçe sagada çeken hüjüm wagtynda asuda ilatdan 4 adamyň, harbylardan üç esgeriň öldürilendigini aýtdy.

Asuda adamlardan sekizisi ýaralandy, hüjümçileriň dördüsi hem howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi diýip, Rahimi sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG