Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa öz lideriniň Putin bilen Orsýetde duşuşjagyny tassyklady


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýa öz lideri Kim Jong Unyň "tiz wagtda" Orsýete sapar etjekdigini we prezident Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny tassyklady.

KCNA resmi täzelikler agentligi Putiniň Kimiň sapary üçin çakylyk ugradandygyny 23-nji aprelde habar berdi, emma onuň haçan boljagyny anyklaşdyrmady.

“Olar (Kim we Putin) saparyň dowamynda gepleşik geçirerler" diýip, KCNA habar berýär.

Orsýetiň "Kommersant" gazetiniň 23-nji aprelde habar bermegine görä, Demirgazyk Koreýanyň lideriniň Wladiwostoga sapary 25-nji aprele bellenipdir. Gazet saparyň taýýarlyk prosesine ýakyn iki sany çeşmä salgylanýar.

18-nji aprelde Kreml Kimiň "apreliň ikinji ýarymynda" Orsýete sapar etmegi planlaşdyrýandygyny aýdypdy.

Putin 26-27-nji aprelde Wladiwostoga we Demirgazyk Koreýa golaý regiona Hytaýa sapar eder. Onuň Pekinde geçiriljek foruma gatnaşmagy planlaşdyrýar.

Günorta Koreýanyň "Yonhap" agentligi Kim Jong Unyň baş geňeşçisiniň 21-nji aprelde Wladiwostokda bolandygyny habar berdi.

Bu duşuşyk ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Koreýa ýarymadasyndaky ýadro krizisini tamamlamak ugrunda basyş edýän döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG