Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝHHG, BMG-niň günbatar agzalary Putiniň ukrainlere rus raýatlygyny bermek kararyny ýazgardylar


Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko

ÝHHG we BMG-däki günbatar ýurtlary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainada orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalaryň ýaşaýjylaryna Orsýetiň raýatlygyny bermek prosesini ýeňilleşdirmek kararyny tankyt etdiler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 25-nji aprelde çap eden beýanatyna görä, guramanyň ýolbaşçylary "bu birtaraplaýyn hereketiň Ukrainadaky we onuň daşyndaky krizisiň parahatçylykly çözgüdine zyýan ýetirip biler diýip pikir edýärler". Gurama öz beýanatynda "ok atyşygynyň durnukly, doly we hemişelik togtadylmagyna çagyrýandygyny we ÝHHG-niň Ukrainadaky ýörite gözegçilik missiýasynyň dartgynlylygy gowşatmak, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça alyp barýan işine goldawyny" tassyklaýandygyny ýene-de gaýtalady.

Bu bilelikdäki beýanat Putiniň Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalaryň ýaşaýjylaryna Orsýetiň raýatlygyna eýe bolmak mümkinçiliklerini aňsatlaşdyrmak barada kararyna gol çekmeginiň ertesi ýaýradyldy.

Putiniň karary Ukrainada we onuň ýaranlarynda gahar-gazap döretdi. Olar kararyň Ukrainanyň garaşsyzlygyna howp döredýändigini we parahatçylygy gazanmak ugrundaky tagallalary ýumurýandygyny aýtdylar.

Kiýewiň hökümet güýçleri 2014-nji ýyldan bäri Ukrainanyň Donbas we Luhansk regionlarynda Orsýeti goldaýan güýçleriň hereket edýän giňişliklerinde gandöküşikli söweş alyp barýarlar. Minsk ylalaşyklaryna garamazdan, dowam edýän uruş zerarly 13 müň çemesi adam wepat boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG