Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG we BMG-däki Günbatar ýurtlary Putiniň ukrainlere rus raýatlygyny bermek kararyny tankyt etdiler


Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko

ÝHHG we BMG-däki Günbatar ýurtlary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalaryň ýaşaýjylaryna Russiýanyň raýatlygyny bermek prosesini ýeňilleşdirmek kararyny tankyt etdiler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 25-nji aprelde çap eden beýanatyna görä, guramanyň ýolbaşçylary “bu birtaraplaýyn hereketiň Ukrainadaky we onuň daşyndaky krizisiň parahatçylykly çözgüdine zyýan ýetirip biler diýip pikir edýärler”.

Gurama öz beýanatynda “ok atyşygyň durnukly, doly we hemişelik togtadylmagyna çagyrýandygyny we ÝHHG-niň Ukrainadaky ýörite gözegçilik missiýasynyň dartgynlylygy gowşatmak, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça alyp barýan işine goldawyny” tassyklaýandygyny ýene-de gaýtalady.

Bu bilelikdäki beýanat Putiniň Ukrainanyň gündogarynda Russiýa tarapdar separatistleriň gözegçiligindäki territoriýalaryň ýaşaýjylaryna Russiýanyň raýatlygyna eýe bolmak mümkinçiliklerini aňsatlaşdyrmak barada kararyna gol çekmeginiň ertesi ýaýradyldy.

Putiniň karary Ukrainada we onuň ýaranlarynda gahar-gazap döretdi. Olar kararyň Ukrainanyň garaşsyzlygyna howp abandyrýandygyny we parahatçylygy gazanmak ugrundaky tagallalary ýumurýandygyny aýtdylar.

2014-nji ýyldan bäri Kiýewiň hökümet güýçleri Ukrainanyň Donbas we Luhansk regionlarynda Russiýany goldaýan güýçleriň hereket edýän giňişliklerinde gandöküşikli söweş alyp barýarlar. Minsk ylalaşyklaryna garamazdan, dowam edýän uruş zerarly 13 müň çemesi adam wepat boldy.

Ukraina raýatlyk baradaky karara garşy “hakyky çäreleri” görmegi sorap, 25-nji aprelde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlendi. Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko kararyň “durşuna bikanundygyny” aýtdy.

Şeýle-de, ol ukrainlere Russiýanyň raýatlygynyň berilmeginiň gündogar Ukrainany “assyrynlykda anneksiýa etmegine” we “okkupirlenen territoriýalarda Russiýanyň özüniň doly kontrollygyny güýçlendirmegine” barabardyr diýdi.

Birleşen Ştatlar Russiýanyň ukrainler üçin raýatlyk hukuklaryny giňeltmek baradaky kararynyň “kabul ederliksizdigini” aýdyp, Moskwany regionda konflikti möwjetmekde aýyplady.

Fransuz ilçisi Fransua Delattre (Francois Delattre) “bu krizisiň çözgüdiniň ukrain raýatlaryna Russiýanyň pasportlaryny bermäge däl-de”, konfliktiň soňuna ýetmek üçin kabul edilen borçnamalara hormat goýup, olary berjaý etmäge esaslanýandygyny aýtdy.

Russiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde özüniň weto hukugy esasynda, karara gapma-garşy gelýän islendik çäräni böwetläp biler.

Minsk ylalaşygynyň ýewropaly kepillendirijileri – Fransiýa we Germaniýa – 25-nji aprelde irden çykyş edip, Russiýanyň kabul eden kararynyň Minsk prosesiniň “ruhuna we maksatlaryna gapma-garşy gelýändigini” aýdypdylar. Ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga ÝHHG gözegçilik edýär.

Russiýa bu karary çap edensoň, Ukrainanyň daşary işler ministri ony “agressiýa we Kiýewiň işlerine goşulyşma” diýip atlandyrdy. Günbatar diplomaty Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda karary uruşdan ejir çekýän regiondaky ýagdaýa düýpli täsir ýetirip biljek “örän öjükdiriji ädim” diýip häsiýetlendirdi.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Russiýanyň bu karar arkaly “Donbasdaky parahatçylyk prosesini puja çykarýandygyny” aýtdy.

Putin öz kararynyň halkara derejesinde tankytlanmagyny ret edip, habarçylara beren maglumatynda karara görkezilýän garşylyklaryň “täsindigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG