Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan latyn elipbiýindäki ilkinji teňňelerini çykardy


Gazagystanyň 10 müň teňňesi ($30), 2016. Arhiw suraty
Gazagystanyň 10 müň teňňesi ($30), 2016. Arhiw suraty

Gazagystanyň milli banky ýazgylary ýurduň latyn harplaryna esaslanýan täze elipbiýindeýazylan täze teňňeleri çykardy. 1, 2, 5, 10, 20, 50 we 100 teňňe pullaryny öz içine alýan täze teňňeler 26-njy aprelde çykaryldy diýip, bankyň beýanatynda aýdylýar.

100 teňňelik pul häzirki daşary ýurt puluna çalyşmak derejesinde ABŞ-nyň 25 sentine barabar bahalanýar.

Bank täze teňňeleriň dizaýnlarynyň geçiş prezidenti, 20-nji martda, uzak wagtlyk prezident Nursoltan Nazarbaýew işden çekilenden soň bu wezipä bellenen Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG