Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident Lukaşenko rus kärdeşi Putin bilen “Družba” geçirijisiniň döreden nebit krizisini maslahatlaşdy


Prezident Aleksandr Lukaşenko rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gürleşýär. Soçi, 15-nji fewral, 2019.

Prezident Aleksandr Lukaşenko rus kärdeşi Wladimir Putin bilen sowet döwründe gurlan “Družba” geçirijisiniň könelmegi netijesinde rus nebit eksportynyň kesilmegi bilen bagly dörän krizisiň sebäbi hakynda gürleşdi diýip, Belarusyň prezident diwanynyň başlygy aýtdy.

Natallya Koçanowanyň sözlerine görä, bu mesele 27-nji aprelde, Lukaşenko bilen Putiniň Pekinde “Guşak we Ýol” ady bilen geçirilýän sammitiň gapdalyndan geçirilen duşuşygy mahalynda gozgaldy.

Bu duşuşyk Orsýet “Družba” geçirijisi arkaly Ýewropa kabul ederlik derejedäki nebit üpjünçiligini iki hepde içinde dikeldip biljekdigini yglan edeninden ençeme sagat soňra boldy.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Kozak 26-njy aprelde, Minskde belarusly, ukrainaly we polşaly resmiler bilen geçirilen gepleşikden soň, bu dört ýurduň geçirijiniň işiniň togtadylmagyna sebäp bolan hapalanmanyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça bilelikde tagalla etmäge razy bolandygyny habar berdi.

Polşa we Belarus 19-njy aprelde könelen “Družba” geçirijisi arkaly Orsýetden gelýän nebiti kabul etmegi togtadýandyklaryny, Polşadaky we Germaniýadaky alyjylaryň rus gazyny kabul etmejekdigini, sebäbi onuň hapalanandygyny we hiliniň pesdigini yglan etdi.

“Družba” dünýäniň iň bir uzyn we uly geçirijileriniň biri bolup durýar.

Başda ol Sowet Soýuzynyň günbatar böleklerini we gündogar Ýewropanyň ozalky sowet blogyna girýän ýurtlaryny nebit bilen üpjün etmek üçin guruldy, emma indi Orsýetden we Gazagystandan Ýewropa nebit iberýän esasy eksport ýoluna öwrüldi.

Günbatarly nebit alyjylar nebit gelmeginiň kesilmeginiň kanuny şikaýatlara sebäp boljagyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG