Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudanyň harbylary, oppozisiýa bilelikdäki dolandyryş geňeşini döredýär


Sudanly protestçiler. Khartoum, 22-nji aprel, 2019.
Sudanly protestçiler. Khartoum, 22-nji aprel, 2019.

Sudanyň harbylary we oppozisiýa ýolbaşçylary bilelikdäki dolandyryş geňeşini döretmek boýunça deslapky ylalaşyga geldi we bu ylalaşyk başy gowgaly afrika döwletiniň mümkin bolan siwil dolandyryşyna tarap äden düýpli ädimi bolup biler.

"Biz siwil we harbylar arasynda bilelikdäki geňeşi döretmek ylalaşygyna geldik” diýip, protest kampaniýasynyň lideri Ahmed al-Rabia 27-nji aprelde AFP habar gullugyna aýtdy.

Bu sözler iki tarapyň giň ýaýran köçe protestleri awtokrat dolandyryjy Omar al-Başiriň 30 ýyllyk hökmürowanlygyny soňlaly bäri geçiren ilkinji resmi gepleşikleriniň yz ýanyndan aýdylýar.

Sudanyň Başiri häkimiýetden çetleşdiren we tussag eden Geçiş harby geňeşi ýurtdaky dolandyryş kontrollygyny öz eline alyp, iki ýyldan uzaga çekmejek geçiş döwründen soň siwil dolandyryş döretmegi wada berdi.

Emma oppozisiýa liderleri geçiş möhleti diýlip bellenen döwrüň örän uzakdygyny öňe sürdüler we siwil dolandyryşa çaltrak geçilmegi üçin basyş görkezdiler.

Başira garşy toparlar we protestçiler Goranmak ministrliginiň baş binasynyň daş işiginde, harbylara basyş etmek üçin, oturma protestlerini dowam etdirdiler.

XS
SM
MD
LG