Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Eýran nebit eksportyny dowam etdirer


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýran, ABŞ-nyň basyşlaryna hem garamazdan, nebiti eksport etmegini dowam etdirer diýip, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 30-njy aprelde telewideniýede eden çykyşynda belledi.

“Öňümizdäki aýlarda biziň nebit eksportymyzyň dowam etjekdigini amerikalylar hem synlar” diýip, Rohani nygtady.

Ol sözüni dowam etdirip: “Amerikanyň Eýranyň nebit eksportyny nola çenli düşürmek baradaky karary ýalňyşdyr. Biz munuň amala aşmagyna rugsat bermeris” diýdi.

Waşington geçen ýylyň noýabrynda, 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soň, Eýranyň nebit eksportyna garşy gönükdirilen sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.

21-nji aprelde bolsa, Ak Tam kadadan çykma hökmünde eýran nebitini satyn alyjylara hödürlenen sanksiýa ýeňillikleriniň maýda täzelenmejekdigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG