Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rep, estrada, halk aýdymlary we ş.m-leriň türkmen aýdym-saz sungatyndaky orny: Kim näme pikirde?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

28-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen ýurduň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallarynda täze rep aýdymyny aýdyp çykyş etdi.

Berdimuhamedow ozal-da ençeme gezek aýdym aýdyp il öňünde çykyş edipdi; bir-iki gezek rep aýtdy.

Bu täzeligiň fonunda Azatlyk Radiosynyň “Dünýä Türkmenleri” gepleşigi üstümizdäki ýekşenbe güni ýene-de türkmeniň aýdym-saz sungaty barada söhbet etmegi maksat edinýär.

Eýsem, siz bu barada nähili pikirde!? Prezident öz aýdym-saz döredijiligi bilen türkmen sungatyna nähili goşant goşýar diýip hasaplaýarsyňyz? Rep aýdym sungatyny ýüze çykarýan zerurlyklar nämelerden ybarat? Türkmenistanda döredilýän estrada aýdymlaryna nähili baha berýärsiňiz, ony ösdürmek üçin nämeler etmeli?

Biz gepleşigimiziň öňümizdäki sanynda şeýle soraglaryň töwereginde gürrüňdeşlikleri guramagy maksat edinýäris. Siz hem bular barada öz pikir-garaýyşlaryňyzy şu forumyň üsti bilen dünýä türkmenlerine ýetirip bilersiňiz! Azatlygyň azat pikir aýtmak mümkinçiliginden peýdalanyň!

Bu aralykda, aşakdaky pikir soralyşygy duşuňyzdan geçirmäň!

XS
SM
MD
LG