Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Putin Wenezuelany, ýadro ylalaşygyny we Mueller hasabatyny maslahatlaşdy


Finlandiýa. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (Ç) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen görüşýär. Helsinki, 16-njy iýul, 2018 ý.
Finlandiýa. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (Ç) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen görüşýär. Helsinki, 16-njy iýul, 2018 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 3-nji maýda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňinde giň gerimdäki temalary maslahatlaşdy, bu olaryň geçen ýyl Argentinada geçen G20-ler sammitinden bäri ilkinji söhbeti boldy.

Gürrüňi edilen temalaryň arasynda ýadro ýaraglaryna kontrollyk, Wenezuela, Ukraina, Demirgazyk Koreýa meseleleri, ýörite geňeşçi Robert Muelleriň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasy mahalynda Orsýetiň garyşmasy babatda taýýarlan hasabaty bar.

Tramp süýrügilt tegelek ofisde Slowakaiýanyň premýer-ministri Peter Pellegrini bilen duşuşandan soň, žurnalistlere “Biz barha az we az ýarag öndürmek, belki-de häzir özümizde bar bolan ägirt uly möçberdäki ýaraglardan dynmak derejesine alyp geljek ýadro ylalaşygy hakynda gepleşýäris” diýdi.

Tramp Hytaýyň söwda gepleşikleri mahalynda Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň ýadro ýaraglaryny çäklendirmegine “gaty goşulmak isländigini” aýtdy.

Biraz öň Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders iki lideriň Birleşen Ştatlar, Orsýet we Hytaý arasynda mümkin bolan täze köptaraply atom şertnamasyny baglaşamak ýa-da häzirki ABŞ-Orsýet strategiki ýadro şertnamasynyň möhletini uzaltmak barada maslahat edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG