Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Banner üçin tussag edilen iki gazak aktiwisti möhletinden öň boşadyldy


Asiýa Tulesowa (çepde) we Beýbarys Tolymbekow sud diňlenişiginde. 21-nji aprel.
Asiýa Tulesowa (çepde) we Beýbarys Tolymbekow sud diňlenişiginde. 21-nji aprel.

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçen aý geçirilen marafonyň dowamynda açyk saýlawlara çagyryp banneri ýerleşdiren – soňy bilen-de, munuň üçin 15 gün türme tussaglygyna höküm edilen – iki aktiwist azatlyga goýberildi.

34 ýaşly Asiýa Tulesowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň özi we 20 ýaşly egindeşi Beýbarys Tolymbekow saglyk barlagyndan geçirilenden soň, 5-nji maýda azatlyga goýberilipdirler.

“Beýbarsyň ýokary gany basyşy bardy. Meniň saglyk ýagdaýym hem gowşapdy. Netijede, administrasiýa bizi möhletinden ir goýbermek baradaky netijä geldi. Men agramymy ýitirdim. Ýöne, häzir ýagdaýym oňat” diýip, Tulesowa gürrüň berdi.

Aslynda, gürrüňi gidýän iki aktiwist 6-njy maýda boşadylmalydy. Emma, käbir synçylar olaryň wagtynda azat edilmeginden soň, türmede demonstrasiýalaryň turmagyndan howatyrlanyp, aktiwistleriň möhletinden ir goýberilendigini çakladylar.

Soňky döwür, Gazagystana 1991-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň guran syýasy ulgamyna garşy ýurduň ençeme şäherinde protestler geçirilipdi.

Demonstrantlaryň köpüsi ünsüni 9-njy iýunda geçirilmeli irki prezidentlik saýlawlaryna gönükdirdiler.

XS
SM
MD
LG