Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň delegasiýasy Türkmenistandaky ýyllyk konsultasiýalaryny tamamlady


ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy. Arhiw suraty
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy. Arhiw suraty

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça müdürliginiň Merkezi Aziýa işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Mark Mud 2018-nji ýylyň oktýabryndaky ýyllyk türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynyň orta möhlet netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2-nji maýda Aşgabatda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 6-njy maýda maglumat berýär.

Ýyllyk geçirilýän maslahatyň bäşinji tapgyry 2018-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda ABŞ-dan Aşgabada gelen ýokary derejeli delegasiýanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda geçirilipdi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, maslahatlaryň çäklerinde amerikan-türkmen özara gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna her taraplaýyn, şol sanda howpsuzlyk meselelerine, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna we ikitraplaýyn syýasy garnaşyklaryna garalypdyr.

XS
SM
MD
LG