Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň sanksiýalary bilen baglylykda urany baýlaşdyrmagyny dikeltmek haýbatyny atýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidentiniň aýtmagyna görä, eger-de dünýäniň täsirli ýurtlary Tähranyň bähbitlerini ABŞ-nyň sanksiýalaryndan goramasalar, Yslam Respublikasy urany ýokary derejede baýlaşdyrmak işlerini dikelder.

Hassan Rohaniniň 8-nji maýda döwlet telewideniýesinde görkezilen halka ýüzlenmesi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen halkara ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyny yglan etmeginiň ýyl dönümine gabat geldi.

Rohani ylalaşyga gol çeken beýleki ýurtlaryň - Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň we Orsýetiň Eýranyň nebit we bank pudaklaryny goramak üçin 60 gününiň bardygyny aýtdy.

Rohani bäş ýurduň liderlerine ýazan hatynda, Eýranyň 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyndaky käbir borçnamalaryny kemeldip başlajagyny we ylalaşykda görkezilişi ýaly mundan beýläk baýlaşdyrylan urany we agyr suwy beýleki ýurtlara eksport etmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG