Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Tährana garşy täze sanksiýalary girizdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ Eýranyň metal senagatyny nyşana alýan täze sanksiýalary girizdi.

Şol günüň özünde, Tähran dünýäniň iri döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy bilen baglylykda öz üstüne alan borçnamalarynyň käbirinden el çekýändigini yglan edipdi.

Ak Tamyň 8-nji maýda beren maglumatyna görä, täze sanksiýalar Eýranyň polat, alýumin, mis we demir pudaklaryny öz içine alýar. Bellesek, bular Eýranyň möhüm girdeji çeşmeleridir.

Mundan birnäçe sagat öň bolsa, Tähran mundan beýläk baýlaşdyrylan urany we agyr suwy, ylalaşykda nazarda tutulyşy ýaly, başga ýurtlara eksport etmejekdigini aýdypdy.

Mundanam başga, Tähran, eger-de dünýa döwletleri 60 günüň içinde täze şertler boýunça ylalaşyp bilmeseler, onda ýarag ýasamak üçin ýeterlik bolan urany baýlaşdyrjakdygy bilen haýbat atdy.

2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýlardan boşamak mümkinçiligini berdi.

Emma ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň maýynda bu ylalaşygyň Tähranyň ballistik raketalaryny jylawlamaýandygyny, Ýakyn Gündogardaky proksilerini goldamazlygy öz içine almaýandygyny aýdyp, ABŞ-nyň ylalaşykdan çykýandygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG