Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda protestçiler tussag edildi


Almatyda protestçi tussag edilýär.
Almatyda protestçi tussag edilýär.

Gazagystanda 9-njy maýda, ýagny II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümi bellenilýän pursady hökümete garşy protestleri geçiren ençeme demonstrant tussag edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Nur-Soltanda azyndan bir protestçiniň we ýurduň iň iri Almaty şäherinde hem ençeme demonstrantyň tussag edilmegine şaýat boldular.

Şol bir wagtda, 9-njy maý güni sosial ulgamlarynyň we habar saýtlarynyň ençemesi, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň websaýty hem elýeterli bolmandy.

Mundan bir gün öň, Baş prokuratura Ýeňiş gününiň dowamynda rugsat berilmedik protestleri gurnamazlyga we olara gatnaşmazlyga çagyryş edipdi. Prokuratura munuň “agyr netijeleriniň” boljakdygyny hem duýdurypdy.

Mundan ozal bolsa, gazak häkimiýetiň ýiti tankytçylarynyň biri, häzir Fransiýada ýaşaýan bankir Muhtar Ablýazow Internetde çykyş edip, Ýeňiş gününiň dowamynda demonstrasiýalary geçirmäge çagyryş edipdi.

XS
SM
MD
LG