ABŞ-nyň harby-howa güýçleri Ak tam tarapyndan Eýrandan abanýan anyklaşdyrylmadyk wehimlere garşy durmak üçin Pars aýlagyna iberilen B-52 bombaçylarynyň Katardaky esasy ABŞ bazasyna gelendigini tassyk etdi.
ABŞ-nyň harby-howa güýçleriniň merkezi komandowaniýesiniň 10-njy maýda çap eden suratlarynda B-52H Stratofortress bombaçylarynyň 9-njy maý güni giçlik Katardaky Al-Udeid howa bazasyna gelşi görkezilýär.
Beýleki uçarlar 8-nji maýda “günorta-günbatar Aziýada”, anyk aýdylmaýan ýerlerde gondy diýip, harby-howa güýçleri aýtdy.
Mundan öň ABŞ harbylary özleriniň Birleşen Arap Emirliklerindäki Al-Dhafra howa bazasynda we “günorta-günbatar Aziýadaky” Al-Udeid bazalarynda bolýandyklaryny aýdypdylar.
Ak tam 5-nji maýda özüniň, Eýrana garşy durmak üçin, zarba urujy howa gämileri toparyn göterýän U.S.S. Abraham Lincoln gämisini we bombaçylary Pars aýlagyna iberjegini aýtdy. ABŞ-nyň uçarlary göterijisi 9-njy maýda Sues kanalyndan geçdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.