Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani agyrlaşýan ykdysady kynçylaryklaryň garsynda eýranlylary agzybirlige çagyrýar


 Prezident Hassan Rohani. Arhiw suraty
Prezident Hassan Rohani. Arhiw suraty

Eýranyň prezidenti Birleşen Ştatlaryň girizen maliýe sanksiýalarynyň barha güýçlenýän zyýanynyň arasynda ýurduň syýasy fraksiýalaryny barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklara garşy durmak üçin bileleşmäge çagyrdy.

Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, Hassan Rohani 11-nji maýda “duşmanlaryň basyşy biziň Yslamçy rewolýusiýamyzyň taryhynda görlüp-eşidilmedik uruş” diýdi.

"Şu günki gün şertler uruş döwründäkiden [1980-88-nji ýyllaryň Yrak urşy] gowy ýa erbet diýip aýdyp bolmaýar, emma uruş döwründe biziň banklarymyz, nebit söwdamyz ýa-da importlarymyz we eksportlarymyz bilen bagly problemamyz ýokdy, ol wagt diňe ýarag söwdasyna garşy sanksiýalar bardy” diýip, ol dürli bähbit toparlaryna ýüzlenip aýtdy.

“Emma men ruhdan düşmeýärin we geljekden uly umydym bar, birleşen ýagdaýymyzda biziň bu kyn şertlerden çalt geçip biljegimize ynanýaryn” diýip, Ruhany sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň ykdysady şertleri geçen ýylyň dowamynda, bölekleýin Waşingtonyň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen Tähranyň arasynda baglaşylan ýadro şertnamasyndan çekilmegi we ABŞ-nyň sanksiýalarynyň dikeldilmegi bilen baglylykda ýaramazlaşdy.

Inflýasiýanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy we nyrhlaryň “keýigiň şahyna çykmagy” netijesinde, jemgyýetçilik we hususy kärhanalaryň işgärleri agyr iş şertlerinden, aýlyklaryň gijikmeginden nägile bolup, köçelere ýörişe çykdylar we iş taşladylar.

Rohani Eýranyň berk liniýaly toparlarynyň tankydyna sezewar boldy, ony aram ýaranlarynyň hem bir topary terk etdi.

XS
SM
MD
LG