Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rostowdaky partlamada iki adam öldi, resmiler derňewe başlady


Ýanwarda Rostowda gazyň partlamagy netijesinde bir ýaşaýyş jaýy bölekleýin ýykylypdy. Şonda bäş adam heläk bolupdy. Arhiw suraty
Ýanwarda Rostowda gazyň partlamagy netijesinde bir ýaşaýyş jaýy bölekleýin ýykylypdy. Şonda bäş adam heläk bolupdy. Arhiw suraty

Russiýanyň Rostow regionynda bir ýaşaýyş jaýynda ýüze çykan gaz partlamasynyň netijesinde bir uly adam bilen bir çaganyň ölmeginden soň, resmiler jenaýat derňewine başladylar.

Ýerli häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, Kamenskiý etrabynda 12-nji maýda ýüze çykan partlama sebäpli ýaşaýyň jaýyndaky ençeme kwartira zeper ýetipdir. Jaýyň agmak howpunyň bardygy hem bellenilýär.

Hadysada başga-da iki adam agyr ýaralandy. Olar häzir keselhanada saklanylýar.

“TASS” habar agentligi derňewçileriň jaýy gazy bilen üpjün eden kärhanadan bu hadysa bilen ilteşikli dokumentleri alandygyny aýdýar.

Ýanwarda Rostowda gazyň partlamagy netijesinde başga bir ýaşaýyş jaýy bölekleýin ýykylypdy. Şonda bäş adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG