Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda “Talybanyň” hüjüminde üç polisiýa ofiseri öldi


Hüjüm mukaddes Remezan aýy sebäpli howpsuzlyk hüşgärliginiň artdyrylan döwrüne gabat geldi.

Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwettada bir metjidiň golaýynda amala aşyrylan partlamada azyndan üç polisiýa ofiseri öldi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, öý şertlerinde ýasalan partladyjy motosikle ýerleşdirilipdir.

Welaýat häkimliginiň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatyna görä, partlamada başga-da alty adam, şol sanda üç polisiýa işgäri hem ýaralanypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Pakistanyň Talybany” diýlip hem bilinýän, gadagan edilen “Tehrik-e Taliban Pakistan” jeňçi topary öz üstüne aldy.

Hüjüm mukaddes Remezan aýy sebäpli howpsuzlyk hüşgärliginiň artdyrylan döwrüne gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG