Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy korrupsiýa bilen bagly basyşlar arasynda işden çekildi


Idris Kadyrkulow
Idris Kadyrkulow

Gyrgyzystanyň milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Idris Kadyrkulow giň ýaýran korrupsiýa aýyplamalary esasyndaky basyşlar arasynda wezipesinden çekildi.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugy 15-nji maýda prezident Sooronbai Jeenbekowyň Kadyrkulowyň wezipeden çekilmek baradaky arzasyny kabul edendigini aýtdy.

Kadyrkulow bir gün öň beýanat çap edip, onda özüniň “daşary ýurtdan biometrik pasportlaryň blankalarynyň satyn alynmagy bilen bagly başlanan derňewlerde belli bir netije alynmagyna gyzyklanýandygy” barada ýaýran gürrüňleriň bes edilmegi üçin işden çekilýändigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Döwlet hasaba alyş gullugy fewralyň başynda Litwanyň Garsu Pasaulis kompaniýasynyň Gyrgyzystan üçin biometrik pasportlaryň blankalaryny çap etmek baradaky tenderde utandygyny yglan etdi. Emma aprelde bu tenderiň netijeleri goýbolsun edildi. Şondan soň MHDK litwa firmasynyň teklibini güýçlendirendir öýdülýän bidüzgünçilikleriň garşysyna derňew açdy.

Apreliň ortasynda bu derňew bilen baglylykda Döwlet hasaba alyş gullugynyň başlygy Alina Şaikowa işden boşadyldy, onuň iki orunbasary tussag edildi.

Kadyrkulowyň bu derňewdäki dürslügine şu hepde Şaikowanyň eden beýanaty şübhe döretdi. Ol Kadyrkulow dekabrda meniň döwlet dokumentlerini çap etmek bilen bagly ýewropa kompaniýasy bilen duşuşygyny gurnady diýdi.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 14-nji maýda Kadyrkulowyň dekabrda şol duşuşygy gurnandygyny tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG