Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan S-400 gorag ulgamyny alyp, soň Moskwa bilen S-500 üstünde işleşjegini aýdýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Ankara, 6-njy maý, 2019.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan. Ankara, 6-njy maý, 2019.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, ABŞ-nyň bu ylalaşyga garşy basyşlaryna garamazdan, Orsýetden S-400 gorag ulgamynyň satyn alynmagynyň togtadylmajakdygy baradaky sözlerini gaýtalady we geljekde Moskwa bilen S-500 ulgamlaryny öndürmek boýunça hem hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

"Bu ýerde [Türkiýäniň] S-400-leri satyn almakdan yza çekilmegi barada düýpden, hiç bir gürrüň ýok. Bu bolan ylalaşyk” diýip, Erdogan 18-nji maýda Stambulda studentler bilen sorag-jogap sessiýasynda aýtdy.

"S-400-den soň bilelikde S-500 hem öndüriler" diýip, Erdogan telewideniýede berlen sessiýada sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol şindem Birleşen Ştatlaryň Ankara F-35 söweş uçarlarynyň öndürilmegine gatnaşmaga rugsat bermegine garaşýandygyny aýtdy. Ýogsa Waşington, eger Türkiýe rus raketa ulgamlaryny satyn alsa, onuň bu hyzmatdaşlykdan çykarylyp biljegini aýdýar.

Türkiýe bu uçarlardan öz goşuny üçin 100 sanysyny satyn almakçy bolýar.

XS
SM
MD
LG