Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýynda raketa ýaryldy


ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasy (arhiw suraty)
ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasy (arhiw suraty)

Bagdadyň Ýaşyl zolagynda, ABŞ-nyň ilçihanasynyň uly desgasynyň golaýyna raketa gelip düşdi. Bu regiondaky dartgynlylyklaryň ýitileşen, Waşingtonyň Yrakdaky işgärlerini yzyna çagyran we prezident Donald Trampyň Eýrana duýduryş beren döwrüne gabat geldi.

Yragyň döwlet eýeçiligindäki habar agentliginiň beren maglumatyna görä, 19-njy maýda Katýuşa kysymly raketanyň ýarylmagy netijesinde adam ýitgileri bolmandyr. Raketa ABŞ-nyň ilçihanasyndan bir kilometr töweregi uzaklykda ýaryldy.

Bu sentýabrdan bäri Ýaşyl zolaga amala aşyrylan ilkinji hüjüm boldy. Ýaşyl zolag – bu ýokary derejede goralýan sebit bolup, ol ýerde daşary ýurtly we ýerli resmiler, şol sanda parlament hem ýerleşýär.

Yrak harbylarynyň metbugat wekili hadysanyň derňelýändigini aýtdy. Ol raketanyň Bagdadyň gündogar sebitlerinden atylandygyna çalym edýändigini hem belledi. Ol ýerde Eýran tarapyndan goldanylýan käbir harby toparlar ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG