Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekaterinburgdaky protestlerden soň, Russiýanyň iki şäherinde kiliseleri gurmak planlary togtadyldy


Ýekaterinburgda müňlerçe ýaşaýşy gelim-gidimli seýilgähleriň birinde prawoslaw ybadathanasynyň gurulmagyna garşy tertip dört gije protest geçiripdiler.
Ýekaterinburgda müňlerçe ýaşaýşy gelim-gidimli seýilgähleriň birinde prawoslaw ybadathanasynyň gurulmagyna garşy tertip dört gije protest geçiripdiler.

Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde kilisäniň gurulmagyna garşy ençeme günläp geçirilen protestlerden soň, ýurduň beýleki iki şäherinde hem dini ybadathanalary gurmak planlary togtadyldy.

Çelýabinsk şäheriniň häkimi Wladimir Ýelistarow Günorta-Ural döwlet uniwersitetiniň çägindäki meýdançada prawoslaw kilisesini gurmak planlarynyň togtadylandygyny mälim etdi.

“Ýekaterinburgyň tejribesi nazarda tutulmalydyr” diýip, ol belledi. Şeýle-de Ýelistarow ýerli ýaşaýjylaryň bu baradaky pikiri öwrenilmeýänçä, ybadathananyň gurluşygyna girişilmejekdigini sözüne goşdy.

Mundan öň, Krasnoýarskiň häkimi Sergeý Ýeromin şäheriň seýilgähleriniň birinde bina edilmegi göz öňünde tutulan prawoslaw kilisesiniň gurluşygyna rugsat bermedi.

Bu beýanatlardan öň, Ýekaterinburgda müňlerçe ýaşaýşy gelim-gidimli seýilgähleriň birinde prawoslaw ybadathanasynyň gurulmagyna garşy tertip dört gije protest geçiripdiler.

Ýerli resmiler kilisäniň gurluşygynyň togtadylandygyny, şeýle-de bu boýunça ýerli ýaşaýjylaryň pikiriniň göz öňünde tutuljakdygyny yglan edenlerinden soň, demonstrasiýalar bes edildi.

XS
SM
MD
LG