Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi öz işine başlady


Türkmenistanyň öz gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň öz gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy aýdylýar.

“Awaza” syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi öz işine başlady.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmen Forum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurnaýan bu çäresi 21-22-nji maý aralygynda geçiriler.

Resmi maglumata görä, kongrese gatnaşmak üçin 100-e golaý halkara kompaniýanyň 450 wekili hasaba durupdyr.

Kongresiň Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň öz gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy aýdylýar. Emma bu ýurt 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri gaz ýollaryny dürlüleşdirmekde kynçylyk çekýär.

XS
SM
MD
LG