Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa NATO ýaranlarynyň 16-syna Orsýetiň kiber hüjümlerine garşy durmaga kömekleşdi


 Jeremy Hunt
Jeremy Hunt

Media habarlaryna görä, geçen bir ýarym ýylda öz ýurtlarynda zyýanly wehimlere garşy durmaklaryna kömek bermek üçin, Britaniýa NATO-nyň 16 ýurdy bilen Orsýetiň kiber işjeňlikleri baradaky maglumatlary paýlaşdy diýip, daşary işler sekretary Jeremy Hunt 23-nji maýda yglan eder.

Hunt Londonda NATO-nyň Kiber goragy kepilligi maslahatynda Orsýetiň aňtaw gulluklaryny iň wajyp infrastrukturany nyşana alýan “global kampaniýa” alyp barmakda aýyplar.

"Men soňky 18 aýda Milli kiber howpsuzlygy merkeziniň NATO-nyň 16 ýarany bilen, hatda Ýaranlykdan daşardaky döwletler bilen-de Orsýetiň olaryň ýurtlaryndaky kiber işjeňlikleri hakynda maglumat we syn paýlaşandygyny açyp bilerin” diýip, Huntyň çärä gatnaşyjylara aýtmagyna garaşylýar. Bu ýygnanyşyga NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg we NATO ilçileri hem gatnaşar.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, ol "Bu global kampaniýa merkezi hökümet ulgamlaryny hem töwekgellige salmaga çalyşýar” diýip duýdurar.

"Biziň bilelikde islendik hüjüme garşy durmak mümkinçiligimiz bar. Biz bu mümkinçiligi ulanmaga taýýar bolmaly” diýip, Hunt öz çykyşynda aýdar.

XS
SM
MD
LG