Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Wikileaksiň esaslandyryjysyna garşy täze jenaýat aýyplamasyny bildirdi


Julian Assanj
Julian Assanj

ABŞ-nyň häkimiýetleri, Birleşen Ştatlara uly zyýan ýetmegine sebäp bolan müňlerçe gizlin dokumenti çap edendigini aýdyp, Wikileaksi esaslandyryjy Julian Assanja garşy täze jenaýat aýyplamasyny bildirdi.

23-nji maýda aýan edilen we 18 günäden ybarat bolan aýyplamalar Içalyçylyk akty esasynda bildirilip, Assanjy Birleşen Ştatlaryň ozalky aňtaw analitigini materiallary syzdyrmaga gönükdirmekde aýyplaýar.

Bu maglumat syzdyrmalary Birleşen Ştatlaryň taryhynda gizlin maglumatlaryň iň uly syzdyrylmasy boldy.

Assanj häzir, aprelde Ekwadoryň ilçihanasyndan, birnäçe ýyllap bukulyp ýaşan ýerinden kowlup çykarylaly bäri, Londondaky tussaghanada saklanýar.

Birleşen Ştatlar onuň ekstradisiýa edilmegini gazanmaga çalyşýar.

“Jogapkärçilikli hiç bir aktýor, žurnalist ýa-da başga biri adamyň gizlin çeşmedigini bilip, oňa ýiti howp abandyryp, indiwiduallaryň atlaryny bilkastlaýyn çap etmezdi” diýip, ABŞ-nyň baş prokurorynyň kömekçisi John Demers öz beýanatynda aýtdy.

Täze Içalyçylyk akty aýyplamalary geçen aý köpçülige ýaýradylan deslapky aýyplaýjy aktyň çäginden çykýar. Şol aýyplaýjy akt Assanjy goranmak kompýuterini döwüp, oňa girmek üçin harby analitigi Çelsi Mening (Chelsea Manning) bilen dildüwşük etmekde aýyplaýardy.

Anti-gizlinlik guramasy Wikileaks tarapyndan çap edilen gizlin maglumatlaryň arasynda Yrakda we Owganystanda Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerine we diplomatlaryna kömek eden adamlaryň atlary bardy diýip, ABŞ-nyň prokurorlary aýdýarlar.

Mening Wikileaksi gizlin maglumatlar bilen üpjün edeni üçin harby sudda günäli tapylypdy. Ýöne oňa garşy çykarylan höküm soňy bilen, şol döwürdäki prezident Barak Obama tarapyndan üýtgedilipdi.

Ol häzir raýatyň suda hormatsyzlyk etmeginde günäli tapylyp, demirgazyk Virginiadaky türmede tussaglykda saklanýar.

Metbugaty gorap çykyş edýänler Assanjyň maglumatlary edinmek boýunça özüni alyp barşynyň milli howpsuzlyk ýa-da hökümetiň gizlin syrlary baradaky temalar boýunça maglumat taýýarlaýan adaty derňew žurnalistiniň özüni alyp barşyndan tapawutlanmaýandygyny aýdyp, täze aýyplamalary tankyt etdiler.

“Wikileaks ýa-da Julian Assanj barada näme pikir edýändigimize garamazdan, Içalyçylyk akty bu ýurtda metbugat azatlygyna ýaramaz täsir ýetirip biler” diýip, amerikan aklawçysy we Birleşen Milletler Guramasynyň metbugat azatlygy meselesi boýunça ýörite dokladçysy David Kaye Twitterde çap eden maglumatynda aýtdy.

“Bu ýerde gürrüň Julian Assanj barada däl. Bu gizlin maglumatlary kabul edenleri we çap edenleri aýyplamak üçin Içalyçylyk aktynyň ulanylmagy barada. Men žurnalistika işine we Birinji Üýtgetmä potensial howp salyp biljek bu karar barada örän alada edýärin” diýip, Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň senatory Ron Wyden aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG